- görgi
- Çekilýän horluk, dert, jebir, jepa, kynçylyk.∙ Ony zyndana salyp, her hili görgüller bilen gynaýar. («Görogly» eposy)∙ Böwregi bir ogry garga, iýjek bolup, galdy görgä. (Nury Annagylyç, Goşgular)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (ü) ýazylýar.Meselem görgi - görgüde, görgüler, görgüsi.◊ görgi görmek — Azar ýamanyny görmek, horluk, azap çekmek, jepa çekmek.∙ Öýüň görgüsini görmek kemini goýmadyň. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Seni görjek bolup, görgi baryny hem gördüm. (A. Gowsudow, Mähri-Wepa)∙ Gargyş siňenler, biziň dünýäde görmedik görgimizi görkezdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.